Download Print this page

Enjamy Ulanmak - Philips AVENT SCF883 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF883:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1

Enjamy ulanmak

Seresap boluň
• Bişirilen iýmitiň gyzgynlygynyň çagaňyz üçin howpsuzdygyna göz ýetirmek üçin
iýmitiň temperaturasyny eliňiziň arkasy bilen barlaň.
Bu enjam ter, gaty ingredientleri buglamak we olary siziň islegleriňize laýyklykda
blenderlemek üçin niýetlenilen. Lezzetli we peýdaly taýýarlaýyş usullary barada pikirler üçin
enjam bilen berilýän taýýarlaýyş usullary kitapçasyna göz aýlaň. Enjamy diňe blenderlemek
ýa-da diňe buglamak üçin hem ulanyp bolýar. Diňe blender hökmünde ulanmak üçin
«Buglamazdan blenderlemek» bölümine serediň.
Bu enjamy ýörite niýetlenen pitilerde saklanan iýmitiň doňuny çözmek ýa-da bişirilen iýmiti
ýylatmak üçin hem ulanyp bolýar. Blenderlenen iýmitleri eretmek ýa-da täzeden gyzdyrmak
üçin elmydama şu pitileri ulanyň. Saklaýyş gaby bolmazdan eretmek ýa-da täzeden
gyzdyrmak iýmitleriň elegiň üsti bilen bankanyň gapagyna dammagyna sebäp bolup biler.
Hiç haçan içinde blenderlenen iýmitler bar bolan bankany buglamak üçin esasy bölümde
goýmak.
Çig azyk önümleriniň şol bir toplumyny hiç haçan 30 minutdan artyk ýa-da bir gezekden
köp buglamaň.
Bu enjam indiki maksatlar üçin NIÝETLENILMEDIK.
-
Doňdurylan çig ingredientleri buglamak
-
Saklaýyş gaby bolmadyk öňden blenderlenen iýmitleri buglamak
-
Şol bir ingredientleri 30 minutdan köp buglamak
-
Tüwi we makaron bişirmek
-
Ilki blenderlemek, soňra buglamak
-
Çorba, sous ýa-da suw ýaly suwuklyklary gyzdyrmak ýa-da täzeden gyzdyrmak
-
Iýmitileri birnäçe sagatlap ýyly saklamak
-
Buz kublary we gant ýaly gaty ingredientleri, ýa-da peýnir ýaly ýelmeşiji ingredientleri
kesmek
- Türkmençe 302 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf885