Download Print this page

Möhüm - Philips AVENT SCF883 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF883:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Möhüm
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny üns bilen okaň we ony geljekde
gollanmak üçin saklaň.
Howp
- Esasy bölümi hiç haçan suwa ýa-da başga suwuklyga
çümdürmäň. Ony krandan akýan suwda ýuwmaň.
Duýduryş
- Enjamy toga dakmazdan ozal enjamyň üstünde görkezilen
güýjenmäniň ýerli elektrik ulgamyndaky güýjenme bilen gabat
gelýändigini barlaň.
- Elektrik dürtgüjine, elektrik kabeline ýa-da enjamyň özüne
zeper ýeten bolsa, enjamy ulanmaň. Elektrik kabeline
zeper ýeten bolsa, howpuň öňüni almak üçin onuň Philips
tarapyndan, Philips ygtyýarly tehniki hyzmat merkezi ýa-da
şoňa meňzeş ygtyýarly şahslar tarapyndan çalşyrylmagyny
üpjün etmeli.
- Enjamy onuň howpsuz görnüşde ulanylmagy boýunça
gözegçilik edilýän we gözükdirijiler berlen bolsa, döräp
biläýjek howplara düşünen halatynda fiziki, duýgurlyk ýa-
da akyl başarjaňlyklary taýdan pes ýa-da tejribesi we habary
bolmadyk hem adamlar ulanyp biler.
- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl (esbaplaryny hem goşmak
bilen).
- Çagalar bu enjamy ulanmaly däl. Enjamy we onuň elektrik
kabelini (esbaplaryny hem goşmak bilen) çagalaryň eli
ýetmejek ýerde saklaň.
- Çagalar enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan
geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
- Esasanam, enjam toga dakylgy wagty pyçaklaryna degmäň.
Pyçaklar iňňän ýiti.
- Ýiti pyçaklary bilen işläniňizde, golçany boşadanyňyzda we
arassaçylyk işlerini geçirýän wagtyňyzda seresap boluň.
- Pyçaklar dykylan bolsa, pyçaklara dykylan azyk önümlerini
aýyrmazdan ozal enjamy tokdan aýryň.
- Türkmençe 294 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf885